top of page

Biz Barada

Çynar Daragty hususy kärhanasy 2013-nji ýyldan bäri ajaýyp ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň we beýleki dürli künjekleriniň edara-kärhanalarynyň binalarynda, kafe we dynç alyş merkezlerinde, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda we öýleriň howlylarynda estetiki we funksional landşaft hyzmatlaryny hem-de bag-bakjalara ideg etmek, olary täzeden döretmek, olar boýunça maslahatlary bermek, miweli we saýaly baglary ekmek, gazon boýunça dürli dekoratiw (bezeg) işleri amala aşyrmak işlerini alyp barýar. Galyberse-de, kärhanada diňe gazon işleri ýa-da bag-bakjalar boýunça hyzmatlar amala aşyrylmak bilen çäklenmän, olaryň suwaryş ulgamlaryny gurnamak, şeýle hem, pyýada ýollaryň taslamalary boýunça gurluşyk işlerini alyp barmak hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär. Kärhananyň esasy maksady müşderileriň isleglerini ilkinji orunda goýup, olary kanagatlandyrmakdan hem-de peýdaly maslahatlary bermekden ybaratdyr.

bottom of page